Kurany Kerim Türkmen Dilinde

Ayah by Ayah

Tags

Download Links

Kurany Kerim Türkmen Dilinde translation for Surah Al-Fath — Ayah 29

48:29
مُّحَمَّدٞ رَّسُولُ ٱللَّهِۚ وَٱلَّذِينَ مَعَهُۥٓ أَشِدَّآءُ عَلَى ٱلۡكُفَّارِ رُحَمَآءُ بَيۡنَهُمۡۖ تَرَىٰهُمۡ رُكَّعٗا سُجَّدٗا يَبۡتَغُونَ فَضۡلٗا مِّنَ ٱللَّهِ وَرِضۡوَٰنٗاۖ سِيمَاهُمۡ فِي وُجُوهِهِم مِّنۡ أَثَرِ ٱلسُّجُودِۚ ذَٰلِكَ مَثَلُهُمۡ فِي ٱلتَّوۡرَىٰةِۚ وَمَثَلُهُمۡ فِي ٱلۡإِنجِيلِ كَزَرۡعٍ أَخۡرَجَ شَطۡـَٔهُۥ فَـَٔازَرَهُۥ فَٱسۡتَغۡلَظَ فَٱسۡتَوَىٰ عَلَىٰ سُوقِهِۦ يُعۡجِبُ ٱلزُّرَّاعَ لِيَغِيظَ بِهِمُ ٱلۡكُفَّارَۗ وَعَدَ ٱللَّهُ ٱلَّذِينَ ءَامَنُواْ وَعَمِلُواْ ٱلصَّٰلِحَٰتِ مِنۡهُم مَّغۡفِرَةٗ وَأَجۡرًا عَظِيمَۢا ٢٩
Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky (möminler) bolsa kapyrlara ýowuz, öz aralarynda bolsa (biri-birlerine) rehimlidirler. Sen olaryň, Allanyň pazlykeremini we razylygyny isläp, rukug we sežde edýändiklerini görersiň. Olaryň ýüzlerinde (maňlaýlarynda) sežde yzyndan (galan) alamat-nyşan bardyr. Bu olaryň Töwratdaky (beýan edilen) aýratynlyklarydyr. Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýarandyr. Bu (Allanyň şeýdip, şu ekin ýaly musulmanlary köpeldip, güýçlendirmek bilen) kapyrlaryň (has hem) gaharyny getirmek üçindir. Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänlere ýalkaw hem-de uly sylag wada berýär.

Changelog

Added Kurany Kerim Türkmen Dilinde translation

July 07, 2026 at 09:25 pm UTC Translation Kurany Kerim Türkmen Dilinde
Naveed
New Turkmen translation by the Office of the Mufti of Turkmenistan, imported as draft for review.